Fabrigimizde öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan isleg barha artýar

Fabrigimizde öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan isleg barha artýar

Ilatyň arasynda fabrigimizde öndürilýän ýokary hilli önümlere bolan isleg barha artýar. Bu bolsa ýerlerdäki söwda dükanlarymyzyň sanyny artdyrmak zerurlygyny ýüze çykarýar.

Müşderileriniň islegini kanagatlandyrmagy hemişe ilkinji maksat edinip goýýan fabrigimiz köp sanly ýüztutmalary we haýyşlary göz öňünde tutup, Aşgabat we Mary şäherlerinde ýene-de iki sany täze dükany açdy. Ozalky dükanlarymyz ýaly, täze söwda nokatlarymyzda hem ilata "Ýeňiş" tikin fabriginiň ýokary hilli önümleri elýeterli bahadan hödürlener.

Fabrigimiziň Aşgabat şäherindäki täze dükany Parahat - 7 ýaşaýyş toplumyndaky "Bereketli" söwda bazarynda ýerleşýär. Has takygy, bazaryň ikinji gatyndaky 209-njy dükan mundan beýläk öz müşderilerine biziň fabrigimiziň önümlerini hödürlär.

Mary şäherinde açylan täze dükanymyz bolsa Arçabil köçesiniň birinji jaýynda ýerleşýär.

Ýeri gelende, saýtymyzyň okyjylaryna şu salgylarda hem "Ýeňiş" tikin fabriginiň dükanlarynyň işleýändigini ýatladýarys:

-  Aşgabat şäheri boýunça :  

1. Görogly köçe 770-nji jaý, Altyn Asyr harytşynaslyk merkezi, telefon: +99312 925191;

2. Aşgabat şäheri, Bereketli söwda bazary 209-njy dükan , telefon: +993 62 53 49 65;

3. Aşgabat şäheri, Atamyrat Nyýazow şaýoly 117-nji jaýy, 1-nji dükan , telefon + 993 60 192323;

- Mary şäheri boýunça:

1-nji dükan, Arçabil köçesiniň 1a-jaýy, telefon: +993 62 508883

2-nji dükan, Atamyrat Nyýazow şaýoly 1-nji jaýy, telefon: +993 522 46028;

3-nji dükan, Mollanepes köçesi, 66-njy jaýy, telefon: +993 65 175449;

4-nji dükan, Baýramaly şäheri Altyn asyr kocesi  7- nji jayy, telefon: + 993 62 55 19 88

Sene: 07-10-2020 Täzelikler 536

Arhiw

Görnüşi

Menýu