Mary "Ýeňiş" tikin fabrigimiziň täze internet saýty işe başlady

Mary "Ýeňiş" tikin fabrigimiziň täze internet saýty işe başlady

Döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp, şeýle-de müşderilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, täze (www.yenish.com.tm) web saýtymyzy işe girizdik. Dünýä bazarynyň tejribesinden görnüşi ýaly, häzirki döwürde iň meşhur brendler hem internet dükanlaryna, internet söwdalaryna uly üns berýär. Bu, birinjiden, önümçiligiň işini ýola goýmagy ýeňilleşdirse, ikinjiden müşderileriň isleglerini doly kanagatlandyrmakda, wagtlaryny we harajatlaryny tygşytlamakda örän amatly usuldyr. Biziň täze “yenish.com.tm” atly resmi saýtymyz hem şu maksatlary göz öňünde tutýar. 

Mary "Ýeňiş" tikin fabrigimiziň täze internet saýty birnäçe bölümden ybarat bolup, olarda önümçiligimize degişli bolan maglumatlar ýerleşdirildi. Fabrigimiziň täze önümleri baradaky maglumatlar ýygy-ýygydan täzelenip durýar. Müşderiler isleg bildiren önümleri boýunça web saýtda ýerleşdirilen telefon belgisi arkaly habarlaşyp bilýär. Şeýle-de web saýtymyzda "Ýeňiş" tikin fabrigimiziň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän dükanlarynyň salgylary-da ýerleşdirildi.

Iň esasy bolsa, Mary "Ýeňiş" tikin fabrigimize degişli bolan önümleriň ählisi barada web saýtymyzda maglumat bar. Müşderilere önümleri saýlamakda ýeňillikleri döretmek üçin, web saýtyň “Önümlerimiz” bölümi “Erkek köýnekler” we “Çaga köýnekler” atly iki bölümçä bölündi. Gözleg hyzmaty arkaly bolsa, önümi saýlap, ölçegiňi we lybasyň bahasyny kesgitläp bolýar. Müşderi saýlan lybasynyň çig mal düzümi we hili baradaky ähli maglumatlar bilen jikme-jik tanşyp bilýär. Munuň üçin ähli amatly usullar peýdalanyldy. Şeýle-de web saýtymyzda her önümiň dürli görnüşli suratlary, reňkleri, ölçegleri we bahalary-da bar.

Mary "Ýeňiş" tikin fabrigimiziň täze internet saýtynyň ýene-de bir aýratynlygy, “Altyn asyr” plastik kartlaryndan töleg tölemek arkaly onlaýn söwda etmek hyzmatydyr. Onlaýn edilen söwdalary üçin eltip bermek hyzmaty-da bar. Bu barada web saýtymyzyň “Maglumat” sahypasynda giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi.  

Müşderiler önümçiligimiz baradaky sowallaryna “Habarlaşmak” bölümi arkaly ýa-da telefon belgimize jaň etmek arkaly jogap alyp bilerler. 

Hormatly müşderiler, Mary "Ýeňiş" tikin fabrigimiziň önümleri we täzelikleri bilen tanyş bolmak üçin, biziň täze internet saýtymyzy yzygiderli yzarlaň! Biz öz öňümizde “alyjylaryň islendik islegini kanagatlandyrmaly” diýen möhüm meseläni goýýarys!

Sene: 07-22-2020 Täzelikler 436

Arhiw

Görnüşi

Menýu