MARYNYŇ "ÝEŇIŞ" TIKIN FABRIGI

Biz öz öňümizde “alyjylaryň islendik islegini kanagatlandyrmaly” diýen möhüm meseläni goýýarys

Biz barada

Marynyň "Ýeňiş" tikin fabriginiň esasy önümçiligi erkek adamlaryň we çagalaryň köýneklerini tikmek bilen, içerki bazarlarymyzda indi birnäçe ýyllar bäri öndürilýän önümleriň oňat hilliligi bilen öňdebaryjylaryň hatarynda tanalyp gelýär.

Biziň esasy maksadymyz-alyjylaryň islegini hemme taraplaýyn kanagatlandyrmak bolup durýar. Bu bolsa ýokary hil, döwrebap önümler, köýnegiň jana ýakymlylygy, rahatlygy. Biziň kärhanamyz köýnekleriň görnüşlerini elmydama täzeläp durýär. Köýnek öndürmek üçin çig malyň düzümi esasy orun tutýar.

Bizde tikilýän köýnekleriň çig malynyň düzümi arassa ak pagta, ýüpek pagta, şeýle hem garyşyk düzümde (80%-pagta, 20%-polýester). Ýene-de biziň üns berýän zadymyz - bu köýnekleriň bahalarynyň elýeterli bolmagydyr.

Rahatlygymyzyň syry ! 

Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdymyzyň ykdysadyýeti täze ösüşlere eýe boldy.                                                                                                 Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň ýaş, gelejegi örän uly pudagy bolan dokma senagatynda innawasion tehnikalary, tehnalogiýalary ornaşdyrmak we önümçilik kärhanalaryny diwersifikasiýalaşdyrmak netijesinde dünýä bazarlarynyň islendiginde bäsdeşlige ukuply ýokary hilli dokma önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredildi .  “Ýeňiş” tikin fabriginde hem jana ýakymly rahat, dünýä ülňilerine laýyk gelýän ýokary hilli köýnekleri öndürmeklik ýola goýuldy. Şu nukdaý nazardan halkyň islegini kanagatlandyrmak we bazarlarymyzy elýeterli köýnekler bilen doldurmak biziň öňümizdäki uly borç bolup durýär . 

Biziň köýneklerimiziň aýratynlyklary.

Tebigy, Ýumşak, Rahat

Pagta tebigy önüm bolup düzüminde himiki maddalary  saklamaýar. Pagta süýminden dokalan tebigy matalar deriniň dem almagyna we ýokary derejede howa aýlanyşyna mümkinçilik berýär. Pagta süýümleri gipoallergen bolup, duýgur bedende oňaýsyzlyk ýa-da statiki elektrik toguny döretmeýär.

Az mukdarda poliester süýüminiň köýneklik matanyň düzümine goşulmagy rahatlygy bozmazdan köýnekleriň berkligini, çeýeligini ep-esli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.”Ýeňiş” tikin fabriginde öndürilýän köýnekleriň düzüminiň 80 göterimi pagta 20 göterimi poliester bolmagy köýnekleriň berkligine, öz görnüşiniň gowy saklanmagyna, tiz ýygyrt bolmazlygyna we ulanyş möhletiniň  uzak bolmagyna ýardam berýär.

Şol sebäplere görä ýygy-ýygydan geýýän ýakymly köýnekleri “Ýeňiş” tikin fabriginden alyp bilersiňiz .

Berk we Amatly

Pagta süýminden dokalan önüm berkligi we amatlygy bilen tapawutlanýar. Ol çyglygy gowy siňdirýär. Şol bir wagtyň özünde beýleki matalar çyg halda aňsatlyk bilen ýyrtylýan bolsa, pagta süýminden dokalan önümler has hem berkeýär. Pagta süýminden dokalan köýnekleri tomus paslynda yssy howada geýmek üçin ajaýypdyr. Sebäbi ol yssy howada özüniň ýokary derejede howa aýlanşyk aýratynlygy bilen bedeniňiziň salkyn we gury saklamagyna, gyş paslynda bolsa bedeniňiziň ýyly saklanmagyna mümkinçilik berýär. Siz olary ähli pasyllarda geýip bilersiňiz!

Pagta süýminden dokalan köýneklerenähili ideg etmeli.

köýnekler ýuwulanda  30-40 derejede ýuwulmalydyr.

Pagta süýminden dokalan önümleriguradylanda uzak günüň dik şöhlesinden  goramaly.

Pagta süýminden dokalan  egin-eşikleri ütüklenende ýörite niýetlenen gyzgynlyk derejesinden peýdalanmaly.


Menu