Belki, siz bu fabrigiň öndürýän önümleri bilen ozaldan hem tanyşsyňyz. Bu fabrik paýtagtymyzda geçirilýän iri sergilere hem yzygiderli gatnaşýar. Aşgabat we Mary şäherlerinde iri söwda dükanlary, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda ululy-kiçili söwda bölümleri bolan bu fabrik, esasan, çagalaryň we erkek adamlaryň köýneklerini tikmek bilen meşgullanýar. Bu önümler ýurdumyzyň dükanlarynda geçginli dokma önümleriniň hataryndadyr.
- Häzirki wagtda erkek adamlaryň we çagalaryň köýneklerini halka hödürlemek bilen bir hatarda dünýä bazarynda bäsleşige ukyply ýokary hilli, täze möwsüm üçin "Ýeňiş” harytnyşanly erkek köýnekleri fabrigimizde täze ornaşdyrlan döwrebap enjamlary arkaly tikilip halk köpçüligine ýetirilýär.
«Biziň esasy maksadymyz ― alyjylaryň islegini kanagatlandyrmak». Önümleriň döwrebaplygy, ýokary hili, jana ýakymlylygy, rahatlygy ― bu ýerde bildirilýän esasy talaplaryň hataryndadyr.
Marynyň «Ýeňiş» tikin fabrigi 1992-nji ýylda döredildi. 2024-njy ýylyň başyna 445 işgär zähmet çekýär, şolaryň hem 390-sy gelin-gyzlardyr. Fabrigiň 3 sany tikin sehi, olarda bolsa 5 sany topar bar. Şeýle hem bu ýerde biçimçilik, tejribe sehleri, 2 sany ütükleýji we gaplaýjy bölümler işleýär.
Önümçiligiň görnüşlerini ýyldan-ýyla giňeldýän fabrikde häzirki wagtda erkek kişiler we çagalar üçin köýneklerden dürli-dürli biçüwlileri öndürilýär.
Ähli kuwwatlylygynyň 84 göterime golaýyny üznüksiz işledýän fabrige çig mallar Ruhabat, Türkmenbaşy dokma toplumlaryndan we Türkmenabadyň Ýüpek onümçilik birleşiginden getirilýär. Çig mallar dürli görnüşlerde gelýär. Bir görnüşli çig mal 100 göterim pagtadan dokalan bolsa, ikinji bir görnüş 100 göterim inçe süýümli pagtadan dokalandyr. Önümiň 80% pagta süýmünden bolup, 20 % poliestr ýa-da 67% pagta süýümi bolup , 33% poliestr dokalan matalardan ybaratdyr.
Kärhananyň önümçilik sehlerinde Russiýanyň, Hytaýyň, Germaniýanyň we Ýaponiýanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary işleýär. Olar “Olşa” «Tekstima», «Juki», «Dýurkoff», «Konnegiesser» ýaly kysymly tikin maşynlarydyr. 2013-nji ýylda kärhanada bar bolan tikin enjamlaryň 45%-i Ýaponiýanyň „Juki“ kompaniýasynyň täze döwrebap ýöriteleşdirilen, ýokary hilli erkek adamlar we çagalar üçin köýnek tikmäge doly mümkinçiligi bolan tikin enjamlary bilen çalşyryldy we galan 55 % döwrebap tikin maşynlary bilen çalşyrmak barada işleri alynyp barylýar.
Alyjylar üçin iň ýakymly, iň esasy aýratynlyk näme, bilýärsiňizmi? Bahalaryň daşary ýurtlardan getirilýän köýneklere seredeniňde ep-esli arzanlygy we köýnek tikmek üçin ulanylan matalaryň düzüminde sintetik garyndylaryň ýoklygy ýa-da örän ujypsyz mukdarda bolandygy üçin olar adam üçin örän jana ýakymlylygydyr.
Siz arzan bahadan ýokary hilli, dünýä talaplaryna laýyk gelýän köýnek edinmek isleýärsiňizmi? Onda «Ýeňiş» tikin fabrigi siziň üçin iň dogry salgydyr.
Hormatly alyjylar! Marynyň «Ýeňiş» tikin fabriginiň Aşgabat we Mary şäherlerindäki dükanlarynyň salgysy we telefon belgileri ine şulardyr:
1. Aşgabat şäheri, Görogly köçe 770-nji jaý, Altyn Asyr harytşynaslyk merkezi, telefon: +99312 925191;
2. Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly 117-nji ýayy 1-nji dükany , telefon : 19 23 23
3 .Aşgabat şäheri, Bereketli Bazary 242-njy dükan , telefon : +993 62 53 49 65
- Mary şäheri boýunça:
1-nji dükan, Arçabil köçesiniň 1a-jaýy, telefon: +993 62 508883
2-nji dükan, Atamyrat Nyýazow şaýoly 1-nji jaýy, telefon: +993 522 4 60 28;
3-nji dükan, Mollanepes köçesi, 66-njy jaýy, telefon: +993 65 17 54 49;
4-nji dükan, Baýramaly şäheri Altyn asyr kocesi 7- nji jayy, telefon: + 993 62 55 19 88
5-nji dükan, Peşanaly şäheri + 993 65 30 76 82
6-njy dükan, Şatlyk şäheri + 993 62 66 70 96
7-nji dükan, Sakarçäge şäherçesi + 993 61 52 09 22
Ýeri gelende aýtsak, köýnekleri lomaý we bölekleýin görnüşde kärhananyň özünden şeýle-de fabrigiň internet web saýtynyň üsti bilen hem sargyt etmek mümkin.
“Ýeňşi” saýlaň: bu siziň öz islegňize görä lybas saýlamakda ÝEŇŞIŇIZ bolsun !