Mary “Ýeňiş” tikin fabrigimiziň müşderileri üçin önümleri saýlamak we satyn almak indi has aňsatlaşdy: biziň tikinçilik fabrigimiziň ykjam telefonlar we planşetler üçin niýetlenen programmasy döredildi.
Tutuş dünýäde bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda hem sanly ulgama tapgyrlaýyn geçilýär. Şonuň netijesinde bolsa, müşderilere edilýän hyzmatlaryň hem sanly usuly yzygiderli kämilleşdirilýär. Iri kompaniýalar, söwda we hyzmatlar ulgamlary öz web saýtlarynyň, ykjam enjamlar üçin niýetlenen programmalarynyň işini ýola goýýar. Bu bolsa satyjy bilen müşderiniň arasyndaky onlaýyn gatnaşygy ýola goýup, wagty we harajaty tygşytlamakda örän amatlydyr. Mary “Ýeňiş” tikin fabrigimiziň ykjam enjamlar üçin niýetlenen programmasy hem şu ýörelgelerden ugur alýar.
Programmanyň esasy aýratynlygy, ony ulanmagyň örän amatlylygy bolup durýar. Ony ykjam enjamlar üçin niýetlenen internet dükanlaryndan telefonmyza ýa-da planşedimize ýükläp, ýolda, işde, ulagda, okuwda, garaz özümize amatly bolan islendik ýerde tikinçilik fabrigimiziň täze önümlerinden habarly bolup bolýar. Täzelikler yzygiderli täzelenýär. Biziň tikinçilik fabrigimiziň önümleri barada web saýtymyzda giňişleýin maglumatlar ýerleşdirildi.
Mary “Ýeňiş” tikin fabrigimiziň ykjam enjamlar üçin niýetlenen programmasy ýeňil we çalt işleýär.Biz bu programmanyň müşderilerimiz tarapyndan ulanylanda ýeňil işlemegi üçin örän kän bezeg-dizaýnlaryň üstünde işledik we barlap gördük. Ençeme nusganyň içinden siz, ýagny öz müşderilerimiz üçin iň gowusyny saýladyk. Şeýlelikde, siz biziň ykjam enjamlar üçin niýetlenen programmamyzda Mary “Ýeňiş” tikin fabrigimiziň täze önümleri baradaky iň soňky täzelikler, habarlaşmak üçin telefon belgileri, dükanlaryň salgylary, her önüm baradaky maglumatlary, önümiň çig mal düzümi, her önümiň dürli görnüşli suratlary, ölçegleri we bahalary... bilen tanşyp bilersiňiz.
Müşderilere önümleri saýlamakda ýeňillikleri döretmek üçin programmada “Erkek köýnekler” we “Çaga köýnekler” atly iki bölümçä bölündi. Saýlanan önüm üçin nagt däl görnüşde, ýagny “Altyn asyr” plastik kartlaryndan töleg tölemek arkaly onlaýn söwda etmek hyzmatyny-da amala aşyryp bolýar. Onlaýn edilen söwdalary üçin eltip bermek hyzmaty-da bar.
Hormatly müşderiler, Mary "Ýeňiş" tikin fabrigimiziň önümleri we täzelikleri bilen tanyş bolmak üçin, ykjam enjamlar üçin niýetlenen programamyzdan peýdalanyň. Biz öz öňümizde “alyjylaryň islendik islegini kanagatlandyrmaly” diýen möhüm meseläni goýýarys!