Biz öz öňümizde “alyjylaryň islendik islegini kanagatlandyrmaly” diýen möhüm meseläni goýýarys !
Marynyň "Ýeňiş" tikin fabriginiň esasy önümçiligi erkek adamlaryň we çagalaryň köýneklerini tikmek bilen, içerki bazarlarymyzda indi birnäçe ýyllar bäri öndürilýän önümleriň oňat hilliligi bilen öňdebaryjylaryň hatarynda tanalyp gelýär.
Biziň esasy maksadymyz-alyjylaryň islegini hemme taraplaýyn kanagatlandyrmak bolup durýar. Bu bolsa ýokary hil, döwrebap önümler, köýnegiň jana ýakymlylygy, rahatlygy. Biziň kärhanamyz köýnekleriň görnüşlerini elmydama täzeläp durýär. Köýnek öndürmek üçin çig malyň düzümi esasy orun tutýar.
Bizde tikilýän köýnekleriň çig malynyň düzümi arassa ak pagta, ýüpek pagta, şeýle hem garyşyk düzümde (80%-pagta, 20%-polýester). Ýene-de biziň üns berýän zadymyz - bu köýnekleriň bahalarynyň elýeterli bolmagydyr.
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe ýurdymyzyň ykdysadyýeti täze ösüşlere eýe boldy. Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdymyzyň ykdysadyýetiniň ýaş, gelejegi örän uly pudagy bolan dokma senagatynda innawasion tehnikalary, tehnalogiýalary ornaşdyrmak we önümçilik kärhanalaryny diwersifikasiýalaşdyrmak netijesinde dünýä bazarlarynyň islendiginde bäsdeşlige ukuply ýokary hilli dokma önümlerini öndürmäge mümkinçilik döredildi . “Ýeňiş” tikin fabriginde hem jana ýakymly rahat, dünýä ülňilerine laýyk gelýän ýokary hilli köýnekleri öndürmeklik ýola goýuldy. Şu nukdaý nazardan halkyň islegini kanagatlandyrmak we bazarlarymyzy elýeterli köýnekler bilen doldurmak biziň öňümizdäki uly borç bolup durýär .
Pagta tebigy önüm bolup düzüminde himiki maddalary saklamaýar. Pagta süýminden dokalan tebigy matalar deriniň dem almagyna we ýokary derejede howa aýlanyşyna mümkinçilik berýär. Pagta süýümleri gipoallergen bolup, duýgur bedende oňaýsyzlyk ýa-da statiki elektrik toguny döretmeýär.
Az mukdarda poliester süýüminiň köýneklik matanyň düzümine goşulmagy rahatlygy bozmazdan köýnekleriň berkligini, çeýeligini ep-esli ýokarlanmagyna mümkinçilik berýär.”Ýeňiş” tikin fabriginde öndürilýän köýnekleriň düzüminiň 80 göterimi pagta 20 göterimi poliester bolmagy köýnekleriň berkligine, öz görnüşiniň gowy saklanmagyna, tiz ýygyrt bolmazlygyna we ulanyş möhletiniň uzak bolmagyna ýardam berýär.
Şol sebäplere görä ýygy-ýygydan geýýän ýakymly köýnekleri “Ýeňiş” tikin fabriginden alyp bilersiňiz .
Pagta süýminden dokalan önüm berkligi we amatlygy bilen tapawutlanýar. Ol çyglygy gowy siňdirýär. Şol bir wagtyň özünde beýleki matalar çyg halda aňsatlyk bilen ýyrtylýan bolsa, pagta süýminden dokalan önümler has hem berkeýär. Pagta süýminden dokalan köýnekleri tomus paslynda yssy howada geýmek üçin ajaýypdyr. Sebäbi ol yssy howada özüniň ýokary derejede howa aýlanşyk aýratynlygy bilen bedeniňiziň salkyn we gury saklamagyna, gyş paslynda bolsa bedeniňiziň ýyly saklanmagyna mümkinçilik berýär. Siz olary ähli pasyllarda geýip bilersiňiz!
köýnekler ýuwulanda 30-40 derejede ýuwulmalydyr.
Pagta süýminden dokalan önümleriguradylanda uzak günüň dik şöhlesinden goramaly.
Pagta süýminden dokalan egin-eşikleri ütüklenende ýörite niýetlenen gyzgynlyk derejesinden peýdalanmaly.